JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gyrgyzystana dostlukly sapary başlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary başlandy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Belleşnilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Liderini Gyrgyz Respublikasynyň “Yssyk-Kul” halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow garşylady.

Saparyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçiriler, şeýle hem birnäçe medeni çärelere gatnaşylar.

Mälim bolşy ýaly, bu saparyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.

 

Ýene-de okaň

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar