JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkiýe Respublikasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ugradylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny deňziň üstünden goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi dörär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň agzalyp geçilen ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyzystanyň Prezidentiniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Sadyr Žaparow Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanda saparda bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gyrgyzystana dostlukly sapary başlandy

Milli Liderimiz we Gazak Baştutany senagat sergisine baryp gördüler

Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrar