JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.

Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan ýokary hilli önümler bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly dokma önümleri dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artmagynyň baş şertini emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda döwrüň ösen tejribesinden ugur alyp, degişli işleri talabalaýyk guramak babatda sergä gatnaşýan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

Türkmenistan Çin’e Yeni Büyükelçi atadı

vepa

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Türkmenistanda bahasy 36 milliard dollara golaý desgalar gurulýar