JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşdy

Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşýar.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Başlygy «Сlaas KgaA GmbH» kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň Başlygy hanym Katerina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum babatda özüneçekijiligi hem-de german kompaniýalarynyň sebitde ykdysady taýdan netijeli işlemegi üçin şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alyşýarlar. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk gurallaryny kesgitlemäge, «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri