DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy Stambulda bellendi

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda duşuşyk guraldy. Oňa Tükriýäniň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, türk kompaniýasynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.

Konsullyk gullugynyň binasynda geçirilen dabarada konsul M.Öwezow oňa gatnaşyjylaryň ählisi baýramçylyk bilen gutlap, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem ykdysady ugurly türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem konsul öz çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belläp geçdi.

Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen baglanyşykly suratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň ahyrynda myhmanlara türkmen tagamlary hödür-kerem edildi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmen diplomaty Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen duşuşdy

Türkmen’in Ak Evleri İnşa edilecek

vepa