JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammitine gatnaşdy

Germaniýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Germaniýa” ýokary derejeli sammitine gatnaşdy. Bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň başlyklyk etmegine geçirilýän sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezident Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň Belwýu köşgünde sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşykda çykyş etmek bilen, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işlerinde ynsanperwerleşmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosessiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýete eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köpsanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar.

Olaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli intellekt we ýaşyl tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

 

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri