MEDENIÝET

TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň dokumental filmleri görkezildi

Şu gün «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde “Aşgabat” kinokonsert merkezinde TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan “Köneürgenç” hem-de “Beýik Seljuklaryň  paýtagty
Merw” atly gysga metražly filmleriň görkeziliş dabarasy geçirildi.

Oňa Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň
orunbasary Annasähet Kakaýew we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden TRT-niň Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer çykyş edip, dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Garaşsyzygynyň 32 ýyllygy hem-de Türkiýe Respublikasynyň döredilemginiň 100 ýyllygy bilen gutlady.

TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan edilen işler barada gürrüň berip, “Arkadagyň säheri” atly kinofestiwalyň çäklerinde taýýarlanan “Köneürgenç” hem-de “Beýik Seljuklaryň paýtagt Merw” atly gysga metražly filmleri tomaşa etmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň
orunbasary  Annasähet Kakaýewiň çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň döredip beren mümkinçilikleriniň çäklerinde türkmen telewideniýasynyň uly ösüşler gazanýandygyny belläp, daşary ýurtlaryň teleýaýlymlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny belledi.

Bu ugurda Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasy bolan TRT bilen baglaşylan ähtnamalar esasynda işjeň hyzmatdaşlyk edilip, Türkmenistandaky bolup geçýän wakalaryň TRT teleýaýlymlarynda alnyp görkezilýändigi, şeýle hem türkmen telewideniýasynyň wekilleriniň TRT-niň edaralarynda ussatlyk sapaklaryny geçýändigini belledi.

Dabaranyň çäklerinde TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de “TRT Awaz” teleýaýlymy barada tanyşdyrylyş wideofilmi görkezildi.

Soňra gala dabarasyna gatnaşyjylara “Köneürgenç” hem-de “Beýik Seljuklaryň paýtagty Merw”
atly gysga metražly filmler görkezildi.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär