MEDENIÝET

Mylly Täçmyradow ýatlanyldy

Türkmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradowyň doglan gününiň 135 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

«Mugallymlar gazeti» gazetinde habar berlişi ýaly, dabara bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Mylly Täçmyradowyň türkmen saz sungatyna goşan goşandy, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary we döreden şirin mukamlary baradaky çykyşlar dabaranyň esasyny düzdi. Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymowyň, uly mugallym Rejep Annamyradowyň çykyşlary, Türkmenistanyň halk artisti, dosent Orazmyrat Annanepesowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym Çarymyrat Ahunowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, uly mugallym Osman Güjümowyň, 3-nji ýyl talyp Serdar Bäşimowyň çalan sazlary we beýleki şirin mukamlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy