MEDENIÝET

Spilberg iň tanymal baý şahsyýet boldy

Amerikaly režissýor hem-de prodýuser Stiwen Spilberg tanymal baý şahsyýetleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berdi.

Žurnalyň taýýarlaýan sanawyna görä, režissýoryň baýlygy 5.3 milliard dollara deňdir. Köp sanly meşhurlyk gazanan filmleriň režissýory Stiwen Spilberg 1994-nji ýylda baý tanymal şahsyýetleriň sanawynda orun almaga başlady.

Bu sanawda ikinji orny ýene-de bir režissýor Jorj Lukas eýeläp, onuň baýlygy 5.1 milliard dollara deňdir. Sanawdaky üçünji orny bolsa, basketbolçy Maýkl Jordan eýeläp, onuň baýlygy 3.5 milliard dollara barabardyr.

Related posts

Skarlett Ingrid Ýohansson – aktrisa, aýdymçy

“Türkmengazet” saýty bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň Baş drama teatryna “akademiki” hukuk derejesi berildi