MEDENIÝET

“Çalsana, bagşy!” bäsleşigi yglan edildi

Ýurdumyzyň  dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşik geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz bu bäsleşigiň geçirilmegi babatda degişli resminama gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda,  dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana bagşy” atly bäsleşik yglan ediler. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy, bagşy sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigi geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigi 2022-nji ýylyň sentýabrynda jemlemek we ýeňijileri sylaglamak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramaçylygynda geçiriljek bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanar.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda saparda bolar

Ýene-de okaň

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy