JEMGYÝETMEDENIÝET

65 müň dollarlyk zenan köýnegi

Florens Pýunyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen «Dessur» (Ritual) kinofilminde baş gahrymanyň geýen köýnegi 65 müň amerikan dollaryna satyldy. Köýnegiň bahasy alyjylaryň özara bäsleşigi (auksion) şeklinde geçirildi. Onuň puly korona wirusa garşy göreşde ulanylar. 5 adam tarapyndan hödürlenen 10 müň gülden ybarat we agramy 13,5 kilograma barabar bolan tutyş güllerden ýasalan bu owadan köýnek degerli bahasyna satyldy diýip çaklanylýar. Filmde bu köýnegi baş gahryman Maý Şa zenany geýýär.

Mundan başga-da filmde ulanylan serişdeleriň birnäçesi satlyga çykaryldy. Olaryň içinde “Ritual Harga Collection Products” atly ýygyndyda 4,5 müň amerikan dollarlyk aýy kellesi şeýle-de 15 müň amerikan dollarlyk Maý Şa zenanynyň täji bar.

Related posts

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Mastercard Asya Oyunları’na resmi destekçisi oldu

vepa

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler