SPORT

Tomas Tuhel “Bawariýanyň” tälimçiliginden boşadylar

Germaniýanyň “Bawariýa” topary baş tälimçi Tomas Tuheliň iýun aýynda wezipesinden boşadyljakdygyny mälim etdi. Mýunhen topary bilen Tuheliň arasyndaky şertnama 2025-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Ýöne  ol 2024-nji 30-njy iýunda wezipesini tabşyrar. German topary bilen tälimçiniň arasynda dostlukly gepleşikler geçirilip, taraplar ylalaşdylar.
– Möwsümiň ahyrynda hyzmatdaşlygy bes etmek babatda ylalaşdylar. Häzirki wagtda tälimçiler toparymyz bilen işimizi dowam eder we iň ýokary üstünligi gazanmak üçin tagalla ederis – diýip, Tuhel belläp geçdi.
Tomas Tuhel “Bawariýa” toparyna 2023-nji ýylyň martynda tälimçi wezipesine bellenipdi. 50 ýaşynda hünärmeniň döwründe german topary Germaniýanyň çempiony boulpdy.
Häzirki wagtda “Bawariýa” Germaniýanyň çempionatynda 2-nji orunda barýar we “Baýer” toparyndan 8 utuk yzda galdy. Şeýle hem bu topar Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda Italiýanyň “Lasio” toparyndan 1:0 hasabynda utuldy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy