SPORT

«Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşy badalga aldy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşy badalga aldy. Halkara ýaryşyň açylyş dabarasyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we beýleki daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda «Geljegiň oýunlary» halkara ýaryşy barada wideofilm görkezildi we teatrlaşdyrylan sahna oýunlary guraldy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Geljegiň oýunlary» halkara ýaryşynyň gatnaşyjylaryna üstünlik arzuw edip, bu ýaryşy 2026-njy ýylda Özbegistanda geçirilmegi teklip etdi.

Açylyş dabarasyndan soňra halkara ýaryşa bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle hem “fijital-sport” konsepsiýasy barada maglumat berildi. “Fijital-sport” ulgamy adaty sportuň wirtual giňişliginde sazlaşygyny emele getirýär.

Döwlet Baştutanlary kibersport boýunça ýaryşlara tomaşa etdiler, şeýle hem olar fijital-futbol ýaryşynyň türgenleşiklerini synladylar.

«Geljegiň oýunlary» – ýokary tehnologiýaly sport ýaryşydyr. Ýaryşlar 21-nji fewral-3-nji mart aralygynda guralar.

Halkara ýaryşa 100-den gowrak döwletden 300-e golaý topar gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy