SPORT

Rus tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow wezipesinden boşadyldy. Russiýanyň futbol geňeşi baş tälimçi Stanislaw Çerçesow bilen bilelikde şertnamanyň möhletini wagtyndna ýatyrmak babatda karara geldi.

Russiýanyň futbol geňeşi bu wezipe üçin täze dalaşgärleri gözleýär. Bular barada geňeşiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Çerçesow 2016-njy ýylda bu wezipe bellendi. Onuň döwründe Russiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylda dünýä çempionatynda 1/4 finala çenli çykdy. Häzir dowam edýän Ýewropa çempionatynda Russiýanyň ýygyndysy uly şowsuzlyga uçrady. Toparçasynda soňky orny eýeledi. Bu ýagdaý hem tälimçiniň wezipesinden boşadylmagynyň esasy sebäpleriniň biri boldy.

Çerçesowyň şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň 30-njy dekabrynda tamamlanýardy. Tälimçi işlän döwründe her ýyl 2,5 million ýewro gazandy. Oňa öwez tölegi hökmünde 300 million rublyň tölenmeig göz öňünde tutulýar.

Çerçesewoň döwründe Russiýanyň ýygyndysy 57 duşuşyk geçirip, şonuň 24-inde ýeňiş gazanyp, 20-sinde ýeňildi.

 

Türkmen ilçisi Polşanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy