JEMGYÝETSPORT

Ronaldo dünýä rekordyny gaýtalady

Portugaliýanyň dünýä belli hüjümçisi Kristiano Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 109-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol dünýä rekordyna ýetdi. Bu ugurdaky rekord Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnan Ali Daei degişlidi. Onuň hem gollarynyň sany 109-dy.

Ronaldo bu rekorda Ýewropa çempionatynyň çäklerinde Portugaliýa bilen Fransiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda oýnalan duşuşykda geçiren 2 goly bilen ýetdi. Portugaliýa bilen Fransiýanyň duşuşygy 2:2 hasabynda tamamlandy. Portugaliýanyň 2 goluny he Ronaldo 11 metrlik jerime urgularyndan geçirdi.

Şeýlelikde, dünýäniň iň güýçli futbolçysy dünýä rekordyny gaýtalady. Mundan başga-da, Ronaldo dünýä we Ýewropa çempionatynda 21 gol geçirip, öňdeligi eýeleýär. Ol 14 goly Ýewropa çempionatynda garşydaş toparlaryň derwezelerine gönükdirdi we şeýlelikde bu ugurda hem Mişel Platininiň 9 gollyk rekordyny täzeläp, täze rekordy öz adyna ýazdyrdy.

Şol sanda hem dünýä hem-de Ýewropa çempionatynda şu wagtda çenli iň kop goly germaniýaly Miraslow Klose geçiripdi. Onuň hem 16 golluk üstünliginiň öňüne geçip, Ronaldo 21 golluk üstünlige ýetdi.

Eýranly ozalky futbolçy Ali Daei öz “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan Ronaldony gazanan üstünligi bilen gutlady. Ol mundna beýläk rekordyň Ronaldo degişli boljakdygyny belledi.

 

24-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri