DÜNÝÄ

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Islandiýada Kristrun Frostadottir ýurduň Hökümet Başlygy wezipesine bellenenden soň ýurduň taryhynda ilkinji gezek Prezident we Premýer-ministr ýaly iň ýokary wezipeleri zenan eýeledi.

Çepçi-merkezçi sosial-demokratik bileleşigiň 36 ýaşly başlygy ýurduň taryhynda iň ýaş Premýer-ministr boldy.

Häzirki dolandyryjy partiýalaryň ählisiniň baştutanlary zenanlardyr. Wezipä bellenen 11 ministrden ýedisi hem zenanlar boldy. Islandiýa 15 ýyl bäri Bütindünýä ykdysady forumynyň gender deňligi boýunça global hasabatynda birinji orny eýeläp gelýär.

Ýurduň Prezidenti wezipesini Halla Tomasdottir alyp barýar.

Related posts

ŞHG-niň sammitiniň birinji güni: möhüm wakalar

Ata Watan Eserleri

Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri Türkmenistanda gepleşikler geçirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýda saparda bolar