BIZNES

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Sanly bank ulgamy arkaly müşderilere has giň hyzmatlar hödürlenýär. Bularyň hatarynda  «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank-terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar bar

«VISA» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlary hem ornaşdyryldy. Raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak, internet arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmak, bank kartlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de tölegler geçirilende töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan täzeçil usulyň — «VISA Virtual» bank kartynyň ulanyşa girizilendigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklary daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini onlaýn görnüşde tölemek üçin niýetlenen sanly hyzmatlary hödürleýärler.

Şeýle hem bu elektron töleg ulgamy arkaly fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi üçin töleglerini tölemek, «VISA», «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak doldurmak mümkindir.

2024-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, «Menzilara bank» hyzmatynyň üsti bilen 24,1 müňden gowrak müşderiniň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna, şeýle hem 6,3 müňden gowrak müşderä okuw tölegleri üçin pul serişdeleriniň resmileşdirilmegi bu hyzmata uly isleg bildirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatynyň ähmiýetini bellemek gerek. Şu ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, bu hyzmata «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek üçin 1,4 müňe golaý müşderi birikdirildi.

Ýene-de okaň

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi

Mask taryhda ilkinji trillioner boldy

Ata Watan Eserleri