BIZNES

Russiýanyň işewürler topary Türkmenistana geler

2022-nji ýylyň 12-15-nji dekabry aralygynda Russiýanyň Federasiýasynyň iri we orta işewürligiň wekillerindne ybarat toparyň Aşgabat şäherine geljekdigi mälim edildi.

Rus işewürleriniň Aşgabada sapary rus-türk işewürler geňeşi, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Administrasiýasy we Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi tarapyndna gurnalar.

Bu saparda Türkmenistanyň işewürlik ýagdaýy, bäsdeşlik we jemgyýetçilik-syýasy gurşawy bilen tanyşmak, şeýle hem gatnaşyjylaryň her biri üçin iş strategiýasyny işläp düzmek, logistika ugurlaryny gurmak, ýerli hyzmatdaşlar bilen anyk şertnamalary baglaşmak maksat edinilýär.

Related posts

Ilkinji gezek 83 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

CIET 2026: Aşgabatda 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment