SPORT

“Premýer-Liganyň” ilkinji zenan emini

Angliýanyň milli futbol çempionatynyň ýokary ligasy bolan “Premýer-Liganyň” duşuşygynda ilkinji gezek zenan emin eminlik eder. Ol hem Rebekka Uelç bolar. Rebekka “Fulhem” bilen “Bernli” duşuşygynyň baş emini edilip bellendi.

Angliýanyň ýokary ligasynda erkek toparlarynyň duşuşygyna ilkinji gezek zenan eminlik eder. Rebekka Uelç 23-nji dekabrda “Fulhem” bilen “Bernli” duşuşygynyň emini bolar.

Rebekka 2010-njy ýylda eminlik işine başlady. 2023-nji ýylyň ýanwarynda ol “Çempionşip” çempionatynyň çägindäki duşuşyklara eminlik etdi.

Şeýle hem Sem Ellison Angliýanyň “Premýer-Ligasynyň” soňky 15 ýyldaky ilkinji garaýagyz emini bolar. Ol hem “Şeffild Ýunaýted” bilen “Felhem” toparlarynyň duşuşygyna eminlik eder.

Related posts

Henderson 12 ýyldan soňra saud toparyna geçdi

Sergen Ýalçyn tälimçilikden meýletin çekildi

Ata Watan Eserleri

Afrikanyň ägirdi – Maneli Senegal

Ata Watan Eserleri