BIZNES

Pakistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyna ygrarly

Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň nebit ministri Musadik Mälik Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny tamamlamaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ilçi ministriň wezipesine girişmegi bilen gutlady. Ministr Musadik Malik hem öz gezeginde ilçä minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Şeýle hem ol TOPH taslamasynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, Pakistanyň bu taslamanyň üstünlikli tamamlanmagyna ygrarlydygyny aýtdy.

Ministr Malik geçen wezipä möhletinde gazanylan ösüşleri täze möhletde hem dowam etdirmäge taýýardygyny belläp geçdi.

Ilçi Möwlamow hökümetara toparynyň we iş toparynyň öňde boljak duşuşyklary barada maglumat berdi. Türkmenistanyň ilçisi TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin utuşly taslama bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem ilçi Pakistan tarapyna şu ýylyň aprel aýynda Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energiýa pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşmak üçin çakylyk berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar