BILIM

Türkmenistanda daşary ýurt diplomlary ykrar etmek barada bildiriş

Ýurdumyzyň köp sanly raýatlarynyň ýüz tutmalaryny nazarda tutup, aşakdakylar habar berilýär:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy Karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alnan, «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80-nji buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigini maglumat hökmünde habar berýär.

Related posts

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Okaýan il ozar: Balkanabatda kitapsöýüjileriň bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň raýatlary Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde mugt okap bilerler