MEDENIÝET

Muhammet Aly hakynda dokumental film

Sekiz sagat uzaldylan (dört bölüme bölünen) “Muhammet Aly” filmi ýakyn dostlary, maşgalasy, hünärmenleri we medeni şahsyýetleri bilen geçirilen söhbetdeşlikleri, 15 000-den gowrak suratdan saýlananlary we hat-da Alynyň gyzy Raşedanyň-da görmedik ýakyn suratlaryny öz içine alýar. Filmiň režissýory Ken Burns CNN teleýaýlymyna beren beýanatynda: ” Muhammet Aly 20-nji asyryň iň beýik türgeni, we ol ähli döwrüň iň beýik türgenidigini bellemekden hem hoşal bolardym” – diýdi.

Dünýä belli boksçy Alynyň ömri we sport durmuşy 20-nji asyryň ikinji ýarymynyň esasy meseleleri bilen gabat gelýärdi.  Esasan hem, sport we jemgyýetiň sportdaky orny, şeýle hem gender deňligi, syýasat we beýlekiler…

Ol sportuň ähli görnüşlerinde iň özüne çekiji şahsyýetdir. Burns: “Ynsan durmuşynyň hemmesi çylşyrymly we gapma-garşy we käwagt jedelli, ýöne bu durmuşyň aýratyn ajaýyplygy bar we Aly ýaly ruh we maksat duýgusy bilen doldurylan bir amerikaly bilen tanyşdym. Alynyň birnäçe bilinmeýän zatlaryny bu film arkaly görüp bolar” diýip belledi.

Ken Burnsyň surata düşüren “Muhammet Ali” filmi 19-njy sentýabrda tomaşaçylara elýeterli bolar.

 

Dünýäniň iň täsirli 100 adamy

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy