«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy ýakyn geljekde elektrik gurluşlary üçin mis simleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
«Mis simleriň garşylygy alýuminiňkä garanyňda az bolýar, ol örän inçe bolsa-da, ýokary kuwwatlykly togy geçirmäge ukyplydyr. Misiň ýene bir artykmaç tarapy onuň açyk howada uzak ýyllaryň dowamynda saklansa-da, poslamaýanlygyndadyr. Şundan ugur alyp, biz müşderilere hödürleýän hyzmatlarymyzyň has-da ygtybarly bolmagy ugrunda netijeli işleri alyp barýarys. Amatlylyk, ygtybarlylyk hem-de ýokary hil, ine, biziň hususy kärhanamyzyň işiniň esasy ýörelgeleri» diýip, hususy kärhananyň direktorynyň orunbasary Arslan Agamämmedow neşire beren interwýusynda aýdýar.
2009-njy ýylda esaslandyrylan kärhana ilkibaşda elektroenergetika işlerini alyp barmak maksady bilen döredilen bolsa-da, häzirki wagtda halkymyza köpugurly hyzmatlary hödürleýär. Elektroenergetika boýunça ähli işleriň taslamasyny düzmek we gurmak, gurnamak hem-de sazlamak, synag işlerini we goýberiş-sazlaýyş işlerine ýöriteleşdirilen kärhana ýerasty elektrik enjamlary gurnamak we awtomatlaşdyrmak, şol sanda deňziň içinde ýerleşýän nebit platformalarynda elektronika we energetika işlerini hem alyp barýar. Sim we kabel öndürýän sehde önümleriň 32 görnüşi öndürilýär. Häzirki wagtda sim we kabel önümleri diňe alýuminden öndürilýär.
«Altyn ýyldyz» hususy kärhanasynda zähmet çekýän 200-den gowrak işgäriň aglaba bölegi ýokary bilimli inženerlerden we tehnologlardan ybaratdyr. Çünki elektroenergetika ulgamynda, aýratyn-da, ýerasty şertlerde we nebitli ýerlerde iş alyp barmak sowatlylygy hem-de örän uly jogapkärçiligi talap edýär.
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!