BIZNES

Mis simleriň önümçiligi ýola goýular

«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy ýakyn geljekde elektrik gurluşlary üçin mis simleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Mis sim­le­riň gar­şy­ly­gy al­ýu­mi­niň­kä ga­ra­nyň­da az bol­ýar, ol örän in­çe bol­sa-da, ýo­ka­ry kuw­wat­lyk­ly to­gy ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Mi­siň ýe­ne bir ar­tyk­maç ta­ra­py onuň açyk ho­wa­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sak­lan­sa-da, pos­la­ma­ýan­ly­gyn­da­dyr. Şun­dan ugur alyp, biz müş­de­ri­le­re hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry­my­zyň has-da yg­ty­bar­ly bol­ma­gy ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Amat­ly­lyk, yg­ty­bar­ly­lyk hem-de ýo­ka­ry hil, ine, bi­ziň hu­su­sy kär­ha­na­my­zyň işi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri» diýip, hususy kärhananyň direktorynyň orunbasary Arslan Agamämmedow neşire beren interwýusynda aýdýar.

2009-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kär­ha­na­ il­ki­baş­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka iş­le­ri­ni alyp bar­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bol­sa-da, hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­za kö­pu­gur­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka bo­ýun­ça äh­li iş­le­riň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak, gur­na­mak hem-de saz­la­mak, sy­nag iş­le­ri­ni we goý­be­riş-saz­la­ýyş iş­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len kär­ha­na­ ýe­ras­ty elekt­rik en­jam­la­ry gur­na­mak we aw­to­mat­laş­dyr­mak, şol san­da deň­ziň için­de ýer­leş­ýän ne­bit plat­for­ma­la­ryn­da elekt­ro­ni­ka we ener­ge­ti­ka iş­le­ri­ni hem alyp bar­ýar. Sim we ka­bel ön­dür­ýän se­h­de önüm­le­riň 32 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da sim we ka­bel önüm­le­ri di­ňe al­ýu­min­den ön­dü­ril­ýär.

«Al­tyn ýyl­dyz» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da zäh­met çek­ýän 200-den gow­rak iş­gä­riň ag­la­ba bö­le­gi ýo­ka­ry bi­lim­li in­že­ner­ler­den we teh­no­log­lar­dan yba­rat­dyr. Çünki elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da, aý­ra­tyn-da, ýe­ras­ty şertlerde we ne­bit­li ýer­ler­de iş alyp bar­mak so­wat­ly­ly­gy hem-de örän uly jo­gap­kär­çi­li­gi ta­lap ed­ýär. 

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär