SPORT

Messiniň transfer bolmak mümkinçiligi

Dünýä belli, ýyldyz oýunçy, özüniň ussat oýuny bilen ähli futbol janköýerlerini haýrana goýýan “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messiniň Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna transfer edilmek mümkinçiligi entek saklanyp galynýar. Futbol dünýäsinde ýaň saljak bu transfer, indiki ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylyp bilner diýip, Ispaniýanyň “Marca” metbugat gullugy habar berýär.

Munuň sebäbi…

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda katalon toparynda maliýe meseleleriniň ýüze çykmagy bilen toparyň ýolbaşçysy, zähmet haklaryny peseltmek hakynda oýunçylar we işgärler bilen gepleşikleri alyp barýar. Ýerli kanunçylyga görä karar kabul edilse, oýunçylar ýanwar aýyndan başlap topar bilen bar bolan şertnamalary birtaraplaýyn tertipde ýatyryp bilerler. Şu tomusda göräýmäge “Mançester Siti” toparyna transferi amala aşaýjak ýaly bolan Lionel Messi, toparda şu wagtky dörän ýagdaýy bilen peýdalanyp, öz topary üýtgedip biler diýip, “Marca” metbugat gullugy habar berýär.

Mundan öň “Forbes” žurnaly Lionel Messini, 2020-nji ýylda iň köp zähmet haky tölenýän oýunçy diýip hasap etdi.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar