SPORT

Antonio Konte “Napoliniň” baş tälimçisi boldy

“Ýuwentusyň”, “Çelsiniň” we “Interiň” öňki tälimçisi Antonio Konte Italiýanyň “Napoli” futbol klubuna baş tälimçi bellenildi.

54 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket edýär.
Konte öz begenjini beýan edip, toparyň we klubuň ösüşi üçin elinden gelenini etmäge wada berdi.
Konte 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda “Ýuwentusyň” baş tälimçisi boldy, onuň ýolbaşçylygynda topar yzygider üç gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.

Şeýle-de, hünärmen Londonyň “Çelsisine” (2016-2018) we “Tottenhemine” (2021-2023), Milanyň “Interine” (2019-2021) ýolbaşçylyk etdi. Italýan topary bilen Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. “Çelsi” bilen Angliýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy. 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda Italiýanyň milli ýygyndysyna tälimçilik etdi.

Related posts

Dünýä belli türgeniň ilkinji çagasy

Ata Watan Eserleri

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Arda Güler sebäpli toparyň baş lukmany işden çykaryldy