MEDENIÝET

Meşhur fransuz aktýor Alen Delon aradan çykdy

88 ýaşynda Fransiýanyň meşhur kino aktýory Alen Delon aradan çykdy. Bu barada Fransiýanyň resmi habarlary gullugy aktýoryň çagalaryna salgylanyp habar berdi.

Aktýoryň öz öýünde çagalaryň arasynda aradan çykandygy habar berildi.

1935-nji ýylyň 8-nji noýabrynda dünýä inen Alen Delon hem kino hem-de teatr işgäri, režissýor we ssenariýaçy hökmünde tanalýan meşhur sungat işgäridir. Ol 1960-njy ýylda “Rokko we onuň doganlary”, “Samuraý”, “Basseýn”, “Şhärde ikisi” ýaly fimleri bilen meşhurlyk gazandy.

2019-njy ýylda Kann kinofestiwalynda Alen Delon kinematografiýada bitiren uly hyzmatlary üçin “Altyn palma şahasy” hormatly nyşany bilen sylaglanypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri