SPORT

Basketboluň taryhynda ilkinji 4-li utuk

Filippinleriň “Meralko Bolts” toparynyň amerikaly basketbolçy Kris Bançero basketbol sportunyň taryhynda ilkinji bolup, 4-li utugyň eýesi boldy.

Amerikaly basketbolçy bu üstünlige Filippinleriň basketbol assosiasiýasynyň çäklerinde geçirilen “Meralko Bolts” topary bilen “Magnoliýa Çiken Timplados Hotşots” toparynyň arasyndaky duşuşykda eýe boldy.

Filippinleriň basketbol assosiasiýasy basketbolda 4-li utuk düzgüni amala aşyran ilkinji liga boldy.

Adatça, basketbolda türgenler basketbol topuny 3.05 metr beýiklikdäki basketbol toruna salmak bilen utuk gazanýar. Ol hem sebede ýakyn aralykda top girizilende 2 utuk, 3 utuk üçin niýetlenen ýerden girizilen halatynda 3 utuk alynýar.

Basketbolda 4 utuk gazanmak üçin basketbol topuny 8.23 metr uzaklykdan basketbol halkasyna girizmek gerek. Muny hem amerikaly türgen başardy.

Related posts

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi başlady

Ronaldo Saud Arabystanydaky ilkinji gyzyl kartyny aldy

Ata Watan Eserleri

Futbol täzelikleri: Salahyň üstünligi, Afellaýyň futboldan gitmegi

Ata Watan Eserleri