BIZNES

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdiren iki günlük B5+1 işewürlik forumy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Forum ykdysady özgertmelerde hususy pudagyň ornuny güýçlendirmäge we sebitara hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilendir. Gün tertibine 2024-nji ýylda Almaty şäherinde geçirilen ilkinji B5+1 forumynda işlenip taýýarlanan 21 maslahat boýunça gazanylan ösüşe baha bermek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek girýär.

2026-njy ýyl üçin esasy ugurlar hökmünde oba hojalygy, bank işi we maliýe, strategik taýdan möhüm mineral serişdeler, elektron söwda we IT, ulag we logistika, syýahatçylyk bellenildi.

Maksatnamada sebit işewürlik mejlisleri, hususy pudagyň maslahatlarynyň tanyşdyrylyşy we hökümetleriň ykdysady ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. B5+1 formatynyň C5+1 platformasynyň işewürlik analogiýasy hökmünde ykrar edilýändigi we dialog hem-de maýa goýumlar üçin uzak möhletleýin meýdança hökmünde garalýandygy bellenilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýada işewürligi we parahatçylygy goldaýandygyny tassyklaýar. Bu barada «B5+1» forumynda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisine söwdanyň ösmegi bilen baglylykda parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýär.

Ol 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Trampyň Waşingtonda Merkezi Aziýa boýunça taryhy sammit geçirendigini aýratyn belledi. Ýörite wekiliň bellemegine görä, bu Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň ozal hiç haçan bolmadyk derejedäki ýokary görkezijisidir.

«ABŞ işewürligi goldar. Biz parahatçylygy goldarys, dünýä boýunça ähli hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy pugtalandyrarys. B5+1 forumy C5+1 formatynyň logiki dowamydyr. Jemi 40 milliard dollardan gowrak möçberde 20-den gowrak şertnama baglaşyldy», — diýip, ol sözüni jemledi.

Ýene-de okaň

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türk ilçisi: energetika Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy