BIZNES

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy babadaýhanlar üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden uly hormat bilen haýyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu möwsümiň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny belledi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär