Häzirki zaman durmuşyny maglumat tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky ösüş jemgyýetiň ähli ugurlaryna täsir edýär. Adamlar bilen enjamlaryň arasyndaky aragatnaşyk has çaltlaşýar, maglumatlar sekuntlara sygýar, işleriň agramly bölegi sanly görnüşe geçýär. Bu bolsa döwrebap ulgamyň zerurlygyny we onuň gündelik durmuşa ornaşmagynyň tizligini görkezýär.
Maglumat tehnologiýalarynyň özeni programmalaşdyrma we maglumat alyş-çalyş ulgamlaryndan başlanýar. Häzirki wagtda ulanylýan kompýuter programmalary, internet sahypalaryň hemmesi dürli programmistleriň zähmetiniň netijesidir. Her bir programma diňe bir tekniki taýdan däl, eýsem, adam düşünjesine laýyk gelýän derejede döredilýär. Bu ulgamda diňe bir kämil bilim däl, eýsem çalt öwrenmek we täzeliklere uýgunlaşmak hem örän möhümdir.
Sanly maglumatlaryň örän köp mukdarda döreýän häzirki döwründe olary tertipli saklamak we işläp taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bulut hyzmatlary diýlip tanalýan ulgam arkaly maglumatlary diňe bir kompýuterde däl, islendik enjamdan elýeterli görnüşde ulanmak mümkinçiligi döredilýär. Munuň bilen birlikde, maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmek hem möhüm meseleleriň biridir. Şonuň üçin hem kiberhowpsuzlyk we maglumatlary goramak ýaly ugurlar maglumat tehnologiýalary ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ösýär.
Tehnologiýanyň ösmegi bilen emeli aňyň, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň orny artýar. Kompýuterleriň diňe bir görkezme boýunça däl, eýsem, öz başarnyklary bilen çözgüt hödürlemegi emeli aňyň mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär. Bu bolsa diňe bir işde däl, gündelik durmuşda hem ýeňillikleri döredýär — ses tanamak, surat bilen gözlemek ýa-da şahsy kömekçiler bilen işleşmek, indi adaty ýagdaý hökmünde kabul edilýär.
Magumat tehnologiýalarynyň geljegi giň we çäksizdir. Ol dünýäniň islendik künjegindäki adama täze mümkinçilikleri hödürleýär. Bilimi, matematika dersinden mesele çözmegi, iş alyp barmagy, söwdany we hatda döredijiligi täze derejä çykarýar. Täze eýýamyň açary hökmünde kabul edilýän maglumat tehnologiýalary häzirki döwrüň iň täsirli güýjüdir we onuň ösmegi bilen jemgyýetiň hem ösüşi çaltlaşýar.
Munuň bilen birlikde, häzirki wagtda maglumat tehnologiýalarynyň adamlaryň pikirleniş hem-de karar kabul ediş ukybyna edýän täsiri hem artýar. Sanly gurallar diňe bir aragatnaşyk ýa-da maglumat saklamak üçin däl, eýsem gündelik durmuşda meýilnamalaşdyrmak, wagtyňy gözegçilik etmek, täze ukyplary özbaşdak özleşdirmek babatda hem giňden peýdalanylýar. Bu ýagdaý, adamlaryň tehnologiýa bilen ysnyşykly gatnaşykda bolup başlandygyny görkezýär. Her kim öz yzygiderli işlerinde maglumat tehnologiýalaryň serişdelerini ulanýar — haýsydyr bir web sahypasyna girýär, maglumat gözleýär ýa-da elektron hyzmatlardan peýdalanýar. Şeýlelikde, maglumat tehnologiýalary diňe bir hünärmenleriň däl, eýsem ähli jemgyýetiň zerurlyklaryna öwrülýär.
Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda maglumat tehnologiýalaryna bolan gyzyklanma artýar. Okuwçylar öz ilkinji kompýuter kodlaryny ýazmaga başlaýarlar, interaktiw okuw gurallary arkaly täze maglumatlary özleşdirýärler. Bilimiň bu görnüşi ýaşlarda döredijiligi, logiki pikirlenmäni we çözgüt tapmak ukybyny ösdürýär. Şeýle taýýarlyk bilen geljekde ýaşlar diňe bir maglumat ulanýan däl, eýsem ony döredýän bolup ýetişýärler. Dünýäniň dürli ýerlerinde bu ugra bolan islegiň artýandygyny, maglumat tehnologiýalary hünärmenleriniň ýokary baha berlendigini göz öňünde tutsak, bu mümkinçilikleriň ýaş nesiller üçin açykdygyny hem görmek bolýar.
Maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi diňe bir şahsyň däl, eýsem jemgyýetiň umumy ösüşine hyzmat edýär. Sanlylaşma jemgyýeti has açyk, işjeň we netijeli edýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bolsa häzirki zaman adamlarynyň öňünde durýan möhüm wezipedir.
Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!
Ogulbagt Baýramowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy.