SIZDEN GELENLER

Informatika we kompýuter tehnologiýasy

Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem informatikanyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti barha artýar. Sanlylaşdyrma döwrüniň täze sahypasyna gadam basan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ylmy-tehniki ösüşiň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanandygyny, şeýle-de  «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanandygyny  aýtmak  mümkin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen  ýörelgesiniň esasynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmek — munuň ählisi döwletimiziň strategik maksatlarynyň biridir.

Informatika — diňe bir kompýuterler bilen işlemek däl, eýsem maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek, saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça giň mümkinçilikleri hödürleýän ylym bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy hem bu ugra aýratyn üns berýär. Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda maglumat tehnologiýalary bilen bagly dersler giňden ornaşdyrylyp, ýaş nesliň sanly  bilim düşünjesi ösdürilýär. Bu ugurda netijeli bilim almak üçin, mekdep okuwçylarynyň  kompýuterler bilen üpjün edilmegi ýene-de bir buýsançly wakadyr.

Şeýle hem, döwletimiziň elektron hökümet ulgamyny ösdürmek ugrundaky işleri hem bu ýolda ädilen möhüm ädimleriň biridir. Döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşde elýeterli edilmegi, döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklary has netijeli we aç-açan edýär. Şeýlelikde, informatikanyň mümkinçilikleri halkyň durmuşyny ýeňilleşdirmek bilen birlikde, döwlet dolandyryş ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine hyzmat edýär.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyndaky özgertmeler hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üsti bilen ýurdumyzda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, maglumat alyş-çalyş tizliginiň artdyrylmagy, täze aragatnaşyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy häzirki zaman sanly jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär.

Umuman aýdanymysda, informatikanyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň Türkmenistanda giň gerimde ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüş strategiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ösüş halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açmaga, döwlet dolandyryşynyň döwrebaplaşmagyna we dünýä bilen aýakdaş gitmegine mümkinçilik berýär.

Şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döretmäge kämil bilim almaga, häzirki zaman tehnologiýalaryndan  ýerlikli peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sag bolsun we çäksiz alkyşymyzy  aýdýarys.

 

                                                                                      Laçyn Şyhberdiýewa,

       Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň   informatika mugallymy.

Ýene-de okaň

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge