DÜNÝÄ

Belgiýaly hünärmen Derýa Soýsalyň okuw sapagy

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Belgiýanyň «Diplomatic World» institutynyň agzasy, Merkezi Aziýanyň taryhy we geografiýasy boýunça ýöriteleşen daşky gurşaw hünärmeni, bloger Derýa Soýsalyň okuw sapagy geçirilip, oňa institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda belgiýaly hünärmen Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny alaly bäri özüniň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary arkaly sebit durnuklylygyny ýokarlandyrýan bitarap döwlet hökmünde tanalýandygyny ähmiýet berip nygtady. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti dogrusynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda alnyp barylýan işler, geçirilýän giň möçberli çäreler dogrusynda buýsanç bilen belledi.

Mundan başga-da, okuw sapagynyň dowamynda belgiýaly bloger žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplara ýerli, sebit we dünýä täzeliklerini dessin halka ýetirmekde žurnalistika käriniň ähmiýeti, sanly ulgamyň peýdaly taraplary barada özüniň tejribesi esasynda giňişleýin gürrüň berdi.

Okuw sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara kanagatlanarly jogap aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy