JEMGYÝET

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty başlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada ýaş diplomatlaryň we döwlet gullukçylarynyň özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Okuw maslahaty 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli şu ýylda Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan gelip çykýan ýörelgeler esasynda alnyp baryldy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi L.Ferrari, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekili K.Goşlyýew dagylar çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär