JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Kataryň Emirini gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz hatynda soňky ýyllarda Kataryň döwlet gurluşyny berkitmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazanandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar