JEMGYÝET

Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi Russiýanyň paýtagty Moskowa şäherinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

Hökümet Baştutanlary dar we giňeldilen formatda geçirilen ýygnaklaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatlaryň erkin söwdasy, ony döretmek, işletmek we maýa goýum goýmak baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Belarusyň Premýer ministri Premýer-ministriAleksandr Golowçenko, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda gatnaşdy.

Bu mejlisiň çäklerinde Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin GDA-nyň hökümet wekiliýetleri bilen bilelikde Täze ýylyň öňüsyrasynda Moskowa şäherindäki şokolad önümçilik zawodyna baryp gördi. Bu zawoda hökümet wekiliýetleri bilen bir hatarda GDA agza döwletlerden gelen çagalar hem aýlanyp görmek mümkinçiligine eýe boldy.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar