BIZNES

Birža täzelikleri: owgan işewürleri karbamid aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna karbamidi (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni), yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma senagaty önümleri, nah ýüplük we mata, pagta süýümi, gaýtadan dikeldilen süýüm, pagta egriji hem-de senagat önümçiliginiň dürli görnüşli galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 220 million manada golaý bolan tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni), polipropileni, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), elde dokalan halylary, nah ýüplügi we beýlekileri satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler