JEMGYÝET

Özbegistanda elektrikli awtoulag önümçiligine başlanýar

Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hytaýyň “BYD” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wan Çuanfu bilen gibrid we elektrikli ulaglary ýygnamak boýunça taslama badalga berdiler.

Bu taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dabara Hytaýyň awtoulag kompaniýasynyň Şençžen şäherindäki merkezi binasynda geçirildi.

Ýyllyk 50 müň birlik kuwwata eýe bolan kärhana Özbegistanyň Jizak oblastynda hereket eder. Özbegistanyň Prezidenti ýakyn geljekde ulaglaryň görnüşlerini we kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrligi bilen “BYD” kompaniýaysnyň arasynda elektrikli we gibrid ulaglaryň önümçiligini ýola goýmak hakynda maýa goýum ylalaşygyna gol çekilipdi.

Related posts

Türkmen wekiliýetiň Germaniýa sapary

vepa

Bakanlar Kurulu toplantısı: Vergide elektronik dönem başlıyor

vepa

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana gelýär