JEMGYÝET

“Arkadag” futbol toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi

Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi.

Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar.

“Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy.

“Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow öz toparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara sport ýaryşynda çempion bolmagyň, abraýly Kubogy gazanmagyň miýesser edendigini belledi. Bu üstünligiň sakasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewleri, şahsy göreldesi, uly yhlasy bardyr.

“Futbol toparymyz AFK-nyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmak bilen, Kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy. Şu taryhy günde toparymyzyň agzybir türgenleridir tälimçileri, hünärmenleri bolup, ýaryşda gazanylan pul baýragyny Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýüz tutup bermegiňizi Sizden haýyş edýäris” diýip, A.Amanow Arkadag şäheriniň häkimine ýüzlendi.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde “Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow täze şäheriň futbolçylarynyň abraýly halkara ýaryşda çempion bolmagy bilen gazanan Kubogyny Arkadag şäheriniň häkimligine uly hormat bilen gowşurdy.

Soňra “Arkadag” toparynyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti üçin Astana bardy

Astanada “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler