DÜNÝÄ

BAE bilen Gazagystan 5 milliard dollarlyk 20 şertnama baglaşdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi mirasdüşer şazadasy Haled ben Muhammed ben Zaid Al-Nahaýýan Gazagystanda resmi saparda boldy. Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

– Siziň saparyňyz örän netijeli häsiýete eýe boldy. Bu saparyň çäklerinde Gazagystan bilen BAE-niň arasynda işewürlik babatda umumy bahasy 5 milliard dollara barabar bolan 20-den gowrak şertnama gol çekilýär. Bu biziň ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryny öz içine alýar we özara hyzmatdaşlygymyza täze itergi berýär – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

BAE Gazagystanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary özleşdirýän iri daşary ýurtly maýadar ýurtlaryň biridir. Geçen ýyl bu görkeziji 1 milliard dollara barabar boulpdyr.

 

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy

Özbegistan bilen Ýewropa Bileleşigi giňeldilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekişdi

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy