IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Lukmançylyk enjamlaryny satyn almak bäsleşigi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Lot № 17 — Ýokanç keseller merkezleri müdiriýeti üçin lukmançylyk enjamlaryny, barlaghana reaktiwlerini, lukmançylyk sarp ediş serişdelerini hem-de barlaghana enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Lot № 18 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine maýyplar üçin arabalary satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk eder

 

 

Related posts

“Petronas Çarigali” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Jemgyýetçılık kabul edişligi

Bäsleşigiň möhleti uzladylýar