IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 32 öýli 4 sany hem-de 4 gatly, 24 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 3-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Related posts

«Türkmengaz» poliwinilasetatyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

Boş iş orunlary boýunça bildiriş

Ata Watan Eserleri

Halkara bäsleşik: bölekleýin enjamlaşdyryş işlerini geçirmek

Ata Watan Eserleri