SPORT

Kazorla “Al-Sadd” toparynda çykyş eder

Ispaniýaly ýarymgoragçy Santi Kazorla, 19-njy iýulda “Willereal” toparynda soñky duşuşygyny geçirdi. Çagalygyndan bäri bu toparda futbol ýoluny dowam etdirýän Kazorla Katar döwletiñ “Al-Sadd” toparynda futbol ýoluny dowam etdirer. Bu barada Katar toparynyñ saýty habar berýär. Ýakyn wagtda 35 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy doly derejede şertnama gol çeker.

Şeýle hem “Al-Sadd” toparyna “Barselonanyñ” öñki ýyldyzy Hawiniñ tälim berýändigini bellemeli. Santi we Hawi ikisi hem Ispaniýanyñ milli ýygyndysynda bilelikde oýnadylar. Santi Kazorla bu möwsüm “Willereal” toparynyñ düzüminde 35 oýun geçirip, 9 gezek ýardam pasyny we 11 gezek gol geçirmegi başardy.

Related posts

Messi kararyny möwsümiň ahyrynda bermekçi

“Bundesliga” çempionatynyñ başlanýan wagty belli boldy

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri