SPORT

Dünýä çempiony “Atletiko Madridde” oýnar

2022-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çmepiony bolan Hulian Alwares Angliýanyň “Mançester Siti” toparyndan Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyna geçdi. Bu barada Madrid toparynyň metbugat gullugy habar berýär. Hulian Alwares tomus paslynyň iň gymmat transferi boldy. Onuň üçin 95 million ýewro sarp edildi.

24 ýaşyndaky tejribeli hüjümçi bilen “Atletiko Madrid” topary 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Alwares Argentinanyň “Riwer Pleýt” toparynda futbol durmuşyna başlady. 2022-nji ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edýär. Ol iňlis topary bilen 2 gezek Angliýanyň çempiony boldy. Çempionlar Ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we birnäçe beýleki kuboklary gazandy.

Ol Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 36 duşuşykda oýnap, 9 gezek tapawutlandy. Ol milli ýygyndy bilen dünýä çempiony bolup, 2 gezek Amerikanyň kubogyny eýeledi.

Related posts

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Ýewro-2020:  Angliýanyň ynamly ýeňşi

Aşgabatda geçiriljek Dünýä Kuraş çempionaty üçin petekleriň satuwy başlandy

Ata Watan Eserleri