SPORT

Elektron sport boýunça saýlama ýaryş geçiriler

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy 16 ýaşyna ýeten islendik watandaşymyza dünýä çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligini döredýär. Munuň üçin federasiýa ýakynda elektron sport oýunlarynyň ikisi ― «Dota2» we «Counter-Strike: Global Offensive» boýunça milli ýaryşlary geçirer. Olarda ýeňiji bolan toparlar dünýä çempionatynyň sebitleýin bölegine gatnaşyp bilerler.

Sebitleýin ýaryşyň şu ýylyň noýabrynda Ysraýylda geçirilmegine garaşylýar.  

Milli federasiýasynyň resmi saýtyndaky habarda milli saýlama ýaryşlarynyň ähli duşuşyklary federasiýanyň «Twitch» we “YouTube” kanallarynda göni ýaýlymda görkeziljekdigi aýdyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda elektron sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna hem goşmaça ýaryş hökmünde elektron sporty girizildi.

 

Baýdeniň ilkinji daşary ýurt sapary

 

 

Related posts

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Türkmenistanly türgenler «Ýüpek ýoly» rallisinde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler

Ata Watan Eserleri

Angliýada “Mançester Siti” çempion boldy