DÜNÝÄ

Baýlaryň ilkinji bäşliginde

Amerikaly işewür hem-de «Tesla» kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ilkinji bäşlikde orun aldy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, işewüriň häzirki emlägi 74,2 milliard dollara deňdir. Ol bu görkezijisi bilen “Microsoft” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Stiw Balmerden hem-de Uorren Baffetden öňe saýlandy. Olaryň emlägi 72 milliard dollara deňdir.

Häzirki wagtda Ilon Mask “Facebook” jemgyýetçilik torunyň esaslandyryjysy Mark Sukerbergden (90.3 mlrd $), “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Gatesden (113.4 mlrd$), LVMH kompaniýalar toparynyň baş direktory Bernar Arnodan (113.8 mlrd$) hem-de “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan (189 mlrd$) yzda barýar.

“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos 3 ýyldan bäri dünýäniň iň baýlarynyň sanawynda birinji orny eýeläp gelýär.

Related posts

Hükümet Kuruldu : İşte Yeni Hükümet üyeleri

vepa

Ermenistanda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylar

Ýaponiýa tomusda Merkezi Aziýa döwletleri bilen sammit geçirmegi meýilleşdirýär