DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Owganystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

oktýabr -nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip Owganystanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar.

Ministrleriň oňyn baha berýän TOPH (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Muttaki we Meredow bu maksada ýetmek üçin yzygiderli duşuşyklaryň we geňeşmeleriň möhümdigini nygtap, dürli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Related posts

Türkmenistan’da “Acil taksi” mobil uygulaması geliştirildi

vepa

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

Metjitde medeniýetler birleşer