DÜNÝÄ

Kamala Harris: alymlaryň maşgalasynda dünýä inen hukukçy

ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň Hastings (häzirki San-Fransisko) hukuk fakultetini tamamlan Kamala Harris, ilki Goward uniwersitetinde bilim alýar.

Kaliforniýa ştatynyň baş prokurory wezipesinde işlän Kamalanyň ejesi Kaliforniýa uniwersiteti Berkeleýden ylymlaryň doktory (PhD) derejesini alýar. Kamalanyň kakasy hem Kaliforniýa uniwersiteti Berkeleýden ylymlaryň doktory (PhD) derejesini  alyp, soňra Stanford uniwersitetinde professor bolýar.

Ol 1964-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kaliforniýa ştatynyň Oakland şäherinde dünýä inýär. Kamala  2016-nji ýylda  ABŞ-da senatorlyga saýlanýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki wise-prezidenti Kamala Harris Prezident Jo Baýdeniň gaýtadan prezidentlige dalaşgär bolmajakdygyny yglan edenden soňra Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri bolmagy meýilleşdirýär.

Prezident Baýden hem öz gezeginde Kamala Harrisiň dalaşgärligini goldaýandygyny beýan etdi. Kamala Harrisiň dalaşgärligi awgust aýynda geçiriljek Demokrat partiýanyň gurultaýynda belli bolar.

Related posts

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Marko Rubio ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine tassyklanyldy