DÜNÝÄ

Iýundaky rekord gyzgynlyk

Yzda galan iýun aýy howanyň gyzgynlygy boýunça birnäçe rekordlara eýe boldy. Hatda hünärmenler şu ýylyň iýunyny taryhdaky iň gyzgyn iýunlaryň biri hökmünde görkezýärler.

Mundan ozal Ýer ýüzi boýunça iýundaky gyzgyn howa bilen bagly rekord derejede 2016-njy ýylda hasaba alnan eken. Şu ýyl bolsa gyzgynlyk şol görkezijiden hem 0,1 gradus ýokary galdy diýip, hünärmenler belleýärler. Ýewropada bolsa bu tapawut 2 gradusa çenli ýetdi. Şol sanda Germaniýa, Ispaniýa we Italiýa ýaly döwletlerde bu babatda rekord derejeler bellige alyndy.

Fransiýada hem gyzgynlygyň kölegede 45,9 gradusa ýetmegi heniz görlüp-eşidilen zat däl. Tutuş Ýewropa boýunça alnanda howanyň derejesi 1850 ― 1900-nji ýyllar aralygyndan 3 gradus ýokary galypdyr. Hünärmenler tomsuň galan iki aýynda hem gyzgynlygyň ýene-de ýokary galmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary