TEHNOLOGIÝA

“iPhone 13 Pro Max”: dinozawryň keşbi bilen sazlaşdy

Angliýadaky kaşaň şaý-sepler markasy 80 million ýyllyk “T-rex” dinozawrynyň dişini ulanyp, “Apple” kompaniýasynyň flagman telefonyny täzeden dizaýn etdi. “Duşmanda gorky döretmek üçin” öndürilendigi aýdylýan “iPhone 13 Pro Max”, gaty ýokary bahasy bilen ünsi özüne çekýär. “Apple” kompaniýasynyň “iPhone 13 Pro Max” bahasy bilen bazardaky iň gymmat smartfonlaryň hataryna girýär. Angliýada “Caviar” atly kaşaň telefon markasy “Apple”-iň abraýyny täze derejä çykardy.

Kompaniýa 80 million ýyllyk hakyky dinozaworyň “T-rex” dişine eýe bolan telefonyň bahasyny 6.830 funt sterlingi diýip görkezýär. Bu smartfonyň dizaýny duşmanlaryna gorky salmak isleýänler üçin öndürildi.

“Caviar” kompaniýasynyň beren beýanatynda “iPhone 13 Pro Tyrannophone”, arassa amberden ýasalan sary gözleri bilen garşydaşlaryňyzyň ýüregine gorky döredýän dinozawr kellesiniň ölçegli şekili bilen bezeldi. Haýwanyň gazaply ýylgyryşy diňe bezeg elementi däl, dinozawryň dişlerinden biri bolany üçin aýratynlyk we özboluşlylyk elementi. “Onda hakyky 80 million ýaşly “Tyrannosaurus” bölegi bar.

Sentýabr aýynda “Apple” -iň flagman seriýasy satuwa çykarylandan gysga wagt soň, “Caviar” 18 karat altyndan ýasalan “iPhone 13 Pro Max” -iň 35,519 funt sterlingini öndürendigini habar beripdi.

 

“Ýylyň iň owadan awtoulagy” saýlandy

 

Related posts

“Boston Dynamics” firmasyny satyn alar

Ata Watan Eserleri

21-nji aprel Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni

Ata Watan Eserleri

Oýun muşdaklary üçin täze konstruksiýa döredildi

Ata Watan Eserleri